Dabyk obasy DAIŞ-den basylyp alyndy

Terror guramasy DAIŞ üçin strategik taýdan wajyp bolan we gurama tarapyndan logistik merkez hökmünde ulanylan Halap welaýatynyň Dabyk obasy Azat Siriýa goşuny tarapyndan basylyp alyndy

590575
Dabyk obasy DAIŞ-den basylyp alyndy

Azat Siriýa goşunynyň serkerdelerinden alynan maglumata görä ýurduň demirgazgyndaky Soran etrapçasy we Dabyk obasy terror guramasy DAIŞ-den saplandy.

Günorta tarap süýşip barýan Azat Siriýa goşuny Hawarnehir we Istimlat obalarynyň hem gözegçiligini ele geçirdi.

Siriýaly oppozisionerler ele salynan sebitlerde terror guramasy DAIŞ-e agza terrorçylar tarapyndan goýulan minalary we partlaýjy maddalary saplaýarlar.



Degişli Habarlar