Kerri bilen Lawrow Siriýa gepleşikleriniň saklanmagyndan soň ilkinji gezek duşuşdy

Duşuşyk hakynda hiç hili beýanat berilmedi

590287
Kerri bilen Lawrow Siriýa gepleşikleriniň saklanmagyndan soň ilkinji gezek duşuşdy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri bilen Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow iki ýurduň arasyndaky Siriýa gepleşikleriniň saklanmagyndan soň  Siriýa meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin Şweýsariýanyň Lozan şäherinde ilkinji gezek duşuşdy.

Kerri-Lawrow duşuşygynda ABŞ bilen Russiýanyň arasynda oktýabr aýynyň başynda saklanan Siriýa gepleşikleri meselesi ýaňadandan gün tertibine getirildi.

Duşuşyk hakynda hiç hili beýanat berilmedi.

Lozanda geçirilýän Siriýa maslahatyna Türkiýe bilen birlikde Russiýa, ABŞ, Saud Arabystany, Eýran, Yrak we Katar gatnaşýar.



Degişli Habarlar