Erdogan-Putin duşuşygy giň beýan tapdy

Erdogan-Putin duşuşygy hakyndaky habarlar rus köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giň beýan tapdy

587127
Erdogan-Putin duşuşygy giň beýan tapdy

Prezident R. T. Erdogan bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň duşuşygy hakyndaky habarlar rus köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giň beýan tapdy.

Rus habar kanallary Putiniň  2015-nji ýylyň 24-nji noýabrynda başdan geçirlen uçar krizisinden soň Türkiýä guran ilkinji sapary hakyndaky habarlara giňişleýin ýer berdi.

Stambuldaky Erdogan-Putin duşuşygy hakyndaky habarlar internet saýtlarynda berlen habarlaryň gün tertibinde hem esasy orun eýeledi.

60-ä golaý žurnalist hem Stambula geldi.

Rus “Kommersant” gazeti Türk Akymy tebigy gaz turba geçiriji taslamasyna gol çekişilendigini habar berdi.

“Izwestiýa” gazeti hem “Dostluk akymy ýaňandandan guruldy” söz başyly habarynda Putiniň uçar krizisinden soň ilkinji gezek Türkiýä sapar gurandygyny ýazdy.

“Komsokomskaýa Prawda” gazeti bolsa “Russiýa bilen Türkiýe Türk Akymyna gol goýdy” söz başyly habarynda Putin bilen Erdoganyň tebigy gazyň nyrhynyň aşakladylmagy we ekerançylyk önümleri meselesinde ylalaşyk gazanandygyna ünsi çekýär.

“Wedomosti” gazeti bolsa “Türk sitrusy ýaňadandan rus bazarynda” söz başysyny ulanypdyr.

Russiýa bilen Türkiýäniň arasynda 2015-nji ýylyň 24-nji noýabrynda türk howa giňişligine giren rus uçarynyň urlup düşürilmeginden soň dartgynlaşan gatnaşyklar Prezident Erdoganyň iýun aýynda beren “urlup düşürlen uçaryň uçarmanynyň ýogalmagyna gynanç bildirýärin” diýen beýanatyndan soň kadalaşmaga başlady.

Erdogan Wladimir Putin bilen awgust aýynda Russiýda we sentýabr aýynda hem Hytaýda duşuşypdy.

 



Degişli Habarlar