Hyzmatdaş güýçler Yrakda ýalňyşlyk bilen 20 adamy öldürdi

Yragyň Mosul şäherinde Halkara hyzmatdaş güýçlere degişli uçarlar ýalňyşlyk bilen 20 adama howa hüjümi gurady

583332
Hyzmatdaş güýçler Yrakda ýalňyşlyk bilen 20 adamy öldürdi

Hyzmatdaş güýçlerine degişli uçarlaryň Kaýýara sebitiniň Haraib Jabr obasynda yrakly sünniler tarapyndan goldanýan Haşdul Aşaire bagly güýçlerine garşy ýalňyşlyk bilen guran howa hüjüminde 20 adam ýogaldy.

Haşdul Aşairiň serkerdesi Şyh Nezhanus Sahr Al Lehibi terror guramasy DAEŞ-iň hem Haraib Jabr we Al Haj Ali obalaryna hüjüm gurandygyna ünsi çekdi.

Lehibi ýüze çykan çaknyşykda DAEŞ-e agza 4 terrorçynyň öldürilendigini habar berdi.



Degişli Habarlar