Hamada guralan howa hüjüminde ýurduň iň howpsyz hassahanalaryndan biri hatardan çykaryldy

Siriýanyň Adam hukuklary guramasy hüjümiň rus harby uçarlary tarapyndan guralandygyny mälim etdi

581748
Hamada guralan howa hüjüminde ýurduň iň howpsyz hassahanalaryndan biri hatardan çykaryldy

Siriýanyň Hama şäherinde guralan howa hüjüminde ýurduň iň howpsyz hassahanalaryndan biri hatardan çykaryldy.

Mesele hakynda berlen beýanatda ýekşenbe güni hassahana guralan 2 hüjümde ýaralananlaryň bardygy nygtaldy.

Siriýanyň Adam hukuklary guramasy hüjümiň rus harby uçarlary tarapyndan guralandygyny mälim etdi.

Hatardan çykan hassahana Siriýada oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky iň uly hassahana hökmünde bilinýär.

Oppozision toparlar terror guramasy DAİŞ-iň gözegçiligi astyndaky Dabyk şäheriniň yzyna alynmagy üçin çaknyşýar.

Ýurduň günbatarynda bolsa Asada tabynlykdaky güýçler bilen oppozisionerleriň arasynda güýçli çaknyşyklar bolýar.

 



Degişli Habarlar