Pakistan bilen Hindistanyň arasy barha dartgynlaşýar

Pakistan bilen Hindistanyň arasynda eýýäm ençeme ýyl bäri çözülip bilinmeýän Kaşmir sebitinde ýagdaýlar ýene-de barha dartgynlaşýar

579937
Pakistan bilen Hindistanyň arasy barha dartgynlaşýar

Şu aýyň başynda Hindistanyň harby bazalarynyň birine guralan we 18 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hadysadan soň, düýn hem taraplaryň arasynda çaknyşygyň ýüze çykmagy sebäpli pakistanly 2 esger ýogaldy.

Pakistanda bolsa Kaşmir serhet gözegçilik merkezini geçen hindistanly 1 esger göz tussaglygyna alyndy.

Çaknyşyklar sebäpli biri-birini günäkärleýän taraplar serhetleriniň howpsyzlygyny üpjün edýändiklerini öňe sürýärler.

Dartgynlyk diplomatik gatnaşyklarada ýaramaz täsir ýetirdi.

Pakistan Hindistanyň ilçisini Daşary işler ministrligine çagyrdy.

Hindistanly diplomata: “Hindistan tarapyndan gaýtalanjak ähli hüjümlere Pakistanyň jogap berjekdigi” barada duýduryş berildi.

ABŞ–nyň hökümeti bolsa taraplara dartgynlygy gowşatmak üçin çagyryş berdi.

Hindistan bilen Pakistanyň arasynda ýerleşýän we ilatynyň aglabasy musulmanlardan ybarat bolan Kaşmir sebitinde wagtal-wagtal bolýan çaknyşyklar eýýäm 60 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär.

Taraplar sebitiň käbir ýerlerini gözegçilik edýän hem bolsalar, sebitiň dolulygyna öz gözegçilikleriniň astyna geçmegini isleýärler.

Halklara jemgyýet bolsa Hindistanyň we Pakistanyň ýadro ýaragyna eýe bolmagy sebäpli aladaly.



Degişli Habarlar