Bosniýa-Gersogowinanyň ÝB-ne dalaşgärlik üçin eden ýüz tutmasy kabul edildi

Barlag etabyndan soň Bosniýa-Gersogowina ÝB-ne dalaşgär ýurt statusynyň berilmegine garaşylýar

574310
Bosniýa-Gersogowinanyň ÝB-ne dalaşgärlik üçin eden ýüz tutmasy kabul edildi

 

Agzalyk üçin 15-nji fewralda ýüz tutan Bosniýa-Gersogowina şol günden bäri Bileleşigiň dalaşgärlik üçin talap edýän şertlerini tamamlady.

Belgiýanyň paýtagty Brýusselde düýn berlen beýanatda Bosniýa-Gersogowinanyň ýüz tutmasynyň resmi taýdan kabul edilendigi nygtaldy.

ÝB Komissiýasy Bosniýa-Gersogowinanyň hukugyň üstünligi, sosýal adalat we ykdysadyýet ýaly ugurlarda dalaşgärlik statusyna laýlyk gelip gelmeýändigini barlar.

Hünärmenler barlag işiniň 1 ýyla golaý dowam edip biljekdigini nygtaýar.

Barlag etabyndan soň Bosniýa-Gersogowina ÝB-ne dalaşgär ýurt statusynyň berilmegine garaşylýar.

Hünärmenler dalaşgärlik statusynyň berilmeginden soň gepleşik etabynyň azyndan 10 ýyl dowam edip biljekdigine ünsi çekýär.

Bosniýa-Gersogowina Ýewropada işsizleriň sanynyň iň köp ýurtlaryndan biridir.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ÝB-niň Bosniýa-Gersogowina hakyndaky kararyna hoşallyk bildirdi.

 



Degişli Habarlar