Owganystanda terror guramasy DAEŞ-e agza 13 terrorçy öldürildi

Owganystanyň demirgazygyndaky Nangarhar welaýatynda guralan howa hüjümlerinde terror guramasy DAEŞ-e agza 13 terrorçy öldürildi

565621
Owganystanda terror guramasy DAEŞ-e agza 13 terrorçy öldürildi

Ýurduň gündogaryndaky 201 Silab komkor goşuny tarapyndan berilen beýanatda Owganystanyň Harby howa güýçlerine degişli dik uçaryň Nangarhar welaýatynyň Açin etrabyndaky terror guramanyň ýerlerini nyşana alyp bombalandygy mälim edilýär.

Hüjümde 13 terrorçynyň öldürilendigi, 2 terrorçynyň ýaralanandygy habar berildi.

Beýanatda etrapda guralan operasiýada şeýle hem köp mukdarda ýaragyň we ok-däriniň ele salynandygy mälim edilýär.

Nangarhar welaýatynyň tapawutly etraplarynda terror guramasy DAEŞ-e garşy geçirilýän operasiýalar takmynan 3 aý bäri dowam edýär.



Degişli Habarlar