Ýewropa Geňeşi FETÖ/PDÝ meselesinde Türkiýe bilen hyzmatdaşlyga taýar

Ýaglan agdarlyşyk synanşygyndan soň, synanşyga gatnaşanlaryň kazyýet işine çekilmegi meselesinde Türkiýe bilen hyzmatdaşlyga taýardyklaryny aýtdy

560277
Ýewropa Geňeşi  FETÖ/PDÝ meselesinde Türkiýe bilen hyzmatdaşlyga taýar

Ýewropa Geňeşiniň Baş sekretary Tuulbiyon Ýaglan Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-nyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyndan soň, synanşyga gatnaşanlaryň kazyýet işine çekilmegi meselesinde Türkiýe bilen hyzmatdaşlyga taýardyklaryny aýtdy.

Ýaglan nemes Die Welt gazetine beren beýanatynda Ýewropa Geňeşiniň hünärmenleriniň agdarlyşyk synanşygyna gatnaşanlar barada gozgalan kazyýet işiniň çägindäki hukuklarynyň goralmagy hakynda maslahat bermek üçin türk ýolbaşçylar bilen gepleşik geçirjekdigini nygtady.

Ýaglan şeýlelikde agdarlyşyk synanşygy bilen arabaglanşykly aýyplanýanlaryň kazyýet işi etaby hakynda Strazburgdaky Ýewropa adam hukuklary kazyýetine närazylyk bildirmekleriniň  öňüni almak isleýändiklerini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar