Halapda guralan howa hüjüminde 14 adam ýogaldy

Hüjümde 26 adam ýaralandy

557038
Halapda guralan howa hüjüminde 14 adam ýogaldy

Siriýanyň we Russiýanyň ýaragly güýçlerine degişli harby uçarlaryň Halap şäherinde oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky etrapça guran howa hüjüminde 14 adam ýogaldy, 26 adam ýaralandy.

Halap şäheriniň asuda ilaty goramakdan jogapkär ýolbaşçysy İbrahim Abu Leys Russiýa bilen Asada tabynlykdaky güýçlere degişli harby uçarlaryň Halap şäheriniň Sukkeri etrabynda ýerleşýän bazary bombalandygyny aýtdy.

Hüjümde 14 adamyň ýogalandygyny, 26 adamyň ýaralanandygyny aýdan Abu Geýs “Hüjümde onlarça dükan hatardan çykdy, käbir iş ýerleri we öýler ýandy”diýip belledi.

 



Degişli Habarlar