Yragyň guran hüjüminde aralarynda DAEŞ-iň ýokary derejeli ýolbaşçylary hem bolan 19 öldürildi

Yragyň Ýaragly güýçleriniň Mosul şäheriniň demirgazygynda guran howa hüjüminde aralarynda terror guramasy DAEŞ-iň ýokary derejeli ýolbaşçylary hem bolan 19 adam öldürildi

556217
Yragyň guran hüjüminde aralarynda DAEŞ-iň ýokary derejeli ýolbaşçylary hem bolan 19 öldürildi

Yragyň Ýaragly güýçlerine degişli bolan Umumy operasiýalar serkerdeligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda harby howa güýçleriniň Mosulyň Al-Misak etrapçasynda guran howa hüjümlerinde ölenleriň arasynda Yragyň Emiri Iýad Hamid Mahal Al-Jemili, guramanyň ozalky lideri Abu Ömer Al-Bagdadiniň  ofis müdüri wezipesini ýerine ýetiren Muhammed Al-Wawi, guramanyň harby önümçiliginden jogapkär ýolbaşçysy Hajji Teýsir, himiki önümçilikden jogapkär ýolbaşçy Saddam Al-Hadidi ýaly ýokary derejeli ýolbaşçylaryň bardygy mälim edildi.

Yragyň hökümeti maý aýynda Mosuly DAEŞ-den yzyna basyp almak üçin sebitde harby güýç ýygnamaga başlapdy.

Yragyň Goranmak ministri Halid Al-Ubeýdi hem 12-nji iýunda beren beýanatynda Mosulyň saplaýyş operasiýasynyň 2-nji etabynyň başlandygyny habar beripdi.



Degişli Habarlar