Yrakda bombaly hüjümler we çaknyşyklar dowam edýär

Hüjümlerde 9 adam ýaralandy

555593
Yrakda bombaly hüjümler we çaknyşyklar dowam edýär

 

Paýtagt Bagdadyň Abu Garib etrapçasynda guralan bombaly hüjümlerde 3 adam ýogaldy, 9 adam ýaralandy.

Al Nehrewan etrabyndaky futbol meýdançasynyň golaýynda bolan partlamada bolsa 2 adam ýogaldy, 13 adam ýaralandy.

Beýleki tarapdan yragyň ýaragly güýçleri Ramadi şäheriniň gündogaryndaky Jizeretul Halidiýýe  etrabynda guralan harby operasiýada terror guramasy DAEŞ-iň galasy hökmünde bilinýän etrapçada gözegçiligi ýola goýdy.

DAEŞ-iň soňky galasy bolan Albu Kenanyň hem terrorçylardan doly saplanandygy nygtalýar.

 



Degişli Habarlar