Siriýada bolan partlamada 15 adam ýogaldy

Partlamanyň sebäbiniň anyklanylmagy üçin derňew işi gozgaldy

551868
Siriýada bolan partlamada 15 adam ýogaldy

Siriýanyň Idlib şäheriniň demirgazyk gündogarynda ýerleşýän Atme etrapçasyndaky düşelgäni goraýan ýaragly oppozision topary alyp barýan awtobusda bolan partlamada 15 adam ýogaldy, 20 adam ýaralandy.

Ýerli çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, ýaralananlar golaýdaky hassahanaalrda bejergi astyna alyndy, ýagdaýy agyr bolanlar bolsa Türkiýedäki hassahanalara ugradyldy.

Partlamanyň sebäbiniň anyklanylmagy üçin derňew işi gozgaldy.

 



Degişli Habarlar