Siriýanyň we Russiýanyň harby uçarlarynyň Idlibdäki hüjümleri dowam edýär

Siriýanyň we Russiýanyň Ýaragly güýçlerine degişli harby uçarlaryň Idlibde we töwereginde guraýan howa hüjümleriniň netijesinde 5 adam ýogaldy, 11 adam ýaralandy

551638
Siriýanyň we Russiýanyň harby uçarlarynyň Idlibdäki hüjümleri dowam edýär

Şäheriň goragçylary hüjümlerde köp sandaky ýaşaýyş ýerine zeper ýetendigini we käbir ulaglaryň ýanandygyny habar berdiler.

Resmiler mundan başgada Russiýanyň we Siriýanyň Ýaragly güýçlerine degişli harby uçarlaryň Idlibiň Eriha etrabyna, Serakib şäherçesine we Taftanaz etrapçasyna hüjüm gurandygyny mälim etdiler.

Beýleki tarapdan Idlibdäki ýerli aktiwistleriň biri rus uçarlaryň biriniň oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky ýaşaýjylarynyň aglabasy dürziler bolan Kalb Al-Loz obasyny bombalandygyny, howa hüjümini guran uçaryň Russiýa degişlidigini anyklandyklaryny habar berdi.



Degişli Habarlar