Fransiýada barda bolan ýangynda azyndan 13 adam ýogaldy

Waka bilen baglanşykly derňew işi gozgaldy

546152
Fransiýada barda bolan ýangynda azyndan 13 adam ýogaldy

Fransiýanyň Rouen şäherinde bir barda bolan ýangynda azyndan 13 adam ýogaldy, biri agyr 6 adam hem ýaralandy.

Düýn gije baryň ýerzemin gatynda bolan ýangynyň sebäbi doly bilinmeýär.

Waka bilen baglanşykly derňew işi gozgaldy.

Ýangynda ýogalanlaryň doglan gününi gutlamak üçin gelen 18-25 ýaş aralygyndaky ýaşlardygy habar berildi.

Ýangyn yzly-yzyna terrorçylykly hüjümlere sezewar bolan Fransiýada ünsleri özüne çekdi.

 


Etiketkalar: #ýangyn , #Fransiýa

Degişli Habarlar