Erdogan we Putin duşuşyklarynda gatnaşyklaryň ýaňadandan ýola goýulmagyny ele alarlar

Moskwanyň metbugat işgärlerine beýanat beren Peskow Prezident Erdoganyň we Russiýanyň döwlet ýolbaşçysy Putiniň 9-njy awgustda Sankt-Peterburg şäherinde geçirjek duşuşyklary barada durup geçdi

545194
Erdogan we Putin duşuşyklarynda gatnaşyklaryň ýaňadandan ýola goýulmagyny ele alarlar

Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan bilen Russiýanyň döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putiniň arasynda geçiriljek duşuşykda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýaňadandan janlandyrylmagyny ara alyp maslahatlaşjakdyklaryny mälim etdi.

Moskwanyň metbugat işgärlerine beýanat beren Peskow Prezident Erdoganyň we Russiýanyň döwlet ýolbaşçysy Putiniň 9-njy awgustda Sankt-Peterburg şäherinde geçirjek duşuşyklary barada durup geçdi.

Peskow: "Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň nähili, haýsy tempde we haýsy ugurlarda janlandyryljakdygy barada pikir alyşarlar" diýdi.

Iki lideriň özara duşuşyklarynda ykdysady ugurlary hem ele aljakdyklaryny bellän Peskow: "Siriýa başda bolmak bilen sebitleýin meseleleri hem gün tertibe getirerler" diýdi.



Degişli Habarlar