Jon Kerrri awgust aýynda Türkiýä sapar gurar

ABŞ-nyň döwlet sekretary Kerriniň awgust aýynyň ahyrynda Türkiýä sapar guramagyna garaşylýar

544684
Jon Kerrri awgust aýynda Türkiýä sapar gurar

Saparyň awgust aýynyň 21-de guralmagy meýilleşdirilýär.

Türkiýe soňky günlerde FETÖ-niň ýolbaşçysynyň yzyna berilmegi üçin resmi Waşingtona edýän basyşyny güýçlendirdi.

Kerriniň Türkiýä saparynyň dowamynda-da esasan bu meseläniň seljerilmegine garaşylýar.

Ankara sapar guran, Baş ştabyň başlygy Hulusi Akar bilen duşuşandan soň agdarlyşyk synanşygynda bombalanan Mejlise baryp gören, Premýer ministr Binali Ýyldyrym tarapyndan kabul edilen ABŞ-nyň Baş ştabynyň başlygy Žozef Danford saparynyň dowamynda FETÖ-niň ýolbaşçysyna Türkiýäniň garaýyşyny resmi Waşingtona ýetirjekdigini beýan edipdi.

Danforda ABŞ-nyň Gülen yzyna bermegine garaşylýandygy, eger şeýle bolman halatynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarynyň bökdeljekdigini duýduran Premýer ministr Binali Ýyldyrym bolsa teleýaýlymlardan birinde beren beýanatynda: “ABŞ-nyň eline bu çekeleşikleri ortadan aýyrmak üçin altyn pursat geçdi. Agdarlyşygy gurandygy belli bolan adamy Türkiýä tabşyrar, ine şonda çekeleşikler bes ediler. Şeýlelikde iki strategik hyzmatdaşyň arasynda mesele galmaz. Ýokary derejeli amerikaly ýolbaşçy gelip görsün” diýipdi.



Degişli Habarlar