Britaniýada pyçakly hüjüm guraldy

Wakada 1 adam ýogaldy

544538
Britaniýada pyçakly hüjüm guraldy

Brtitaniýanyň paýtagty Londonda pyçakly hüjümçiniň golaýdaky adamlara hüjüm guramagy netijesinde 1 adam ýogaldy, 5 adam ýaralandy.

Rassell meýdançasyndaky wakadan soň elektroşok sapançasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirilen hüjümçi, soň bolsa göz tussaglygyna alyndy.

Waka bilen baglanşykly derňew işi başladyldy. Wakanyň terrorçylykly hüjüm bilen arabaglanşygy bolup-bolmandygy derňelýär.

Londonyň Içeri işler müdüri bernard Hogan-Howe we London şäheriniň häkimi Sadyk Han düýn beren beýanatlarynda terrorçylykly hüjümlere garşy şäheriň köçelerinde has köp polisiýa işgäriniň iş alyp barjakdygyny mälim edipdi.



Degişli Habarlar