Çawuşogly Pakistanyň Prezidenti Memnun Hüseýin tarapyndan kabul edildi

Daşary işler ministr Mewlüt Çawuşogly resmi sapar bilen Pakistana bardy

543254
Çawuşogly Pakistanyň Prezidenti Memnun Hüseýin tarapyndan kabul edildi

Resmi sapar bilen Pakistana giden Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly paýtagt Yslamabatda Pakistanyň Prezidenti Memnun Hüseýin tarapýndan kabul edildi.

Pakistanyň Prezidenti Hüseýin Fetullahçy terror guramasy FETÖ-nyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynyň öňüni alan türk halkyny takdyr edýänigini aýtdy.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly FETÖ/PDÝ-nyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyndan soň Pakistanyň türk halkyna we hökümetine beren goldawyndan hoşaldyklaryny aýtdy.

Pakistanyň Prezidenti Memnun Hüseýin bilen Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler hakynda hem pikir alyşdy.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türk hyzmatdaşlyk we utgaşyklyk gullusy TİKA-nyň Pakistandaky durmuşa geçirjek taslamalarynyň tanyşdyrylyp dabarasyna hem gatnaşdy.

Ministr Çawuşogly saparynyň çäginde Premýer ministri Nawaz Şerif tarapyndan kabul ediler.

Pakistanyň Premýer ministriniň daşary işler boýunçe kömekçisi Sertaç Aziz bilen duşuşjak Mewlüt Çawuşogly özara we toparara gepleşiklerden soň metbugata beýanat berer

Daşary işler ministr Mewlüt Çawuşogly iş saparynyň çäginde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

 



Degişli Habarlar