FETÖ/PDÝ Pensilwaniýada protest edildi

Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamynyň (FETÖ/PDÝ) ýolbaşçysy Fetullah Gülen ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştabyndaky kabulhanasynyň öňünde protest edildi

542207
FETÖ/PDÝ Pensilwaniýada protest edildi

Ellerinde türk baýdaklary bilen kabulhananyň öňünde jemlenenler: “Gülenin agdarlyşyk synanşygy sebäpli 300 adam şehit boldy”, “Gülen=Ben Ladin”, “Gülen=DAİŞ”, “Gülen Türkiýäniň gözleýän ilkinji adamy”, “Amerikany Gülenden goraň”, “ABŞ Güleni ýurtdan çykarmaly”, “Täze döwrüň şer üçburçlygy: FETÖ, DAİŞ, PÝD/PKK”, “Terrorçy Gülen hereketine garşy hüşgär boluň” diýip ýazylan şygarlary göterdiler.

Türkiýäni söýýänler ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama ýüzlenip, misginsokar we gizlin gurluşlary bilen Türkiýede agdarlyşyk etmäge synanşan ganhor guramanyň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň dessine tussag edilip, türk kazyýetine tabşyrylmagyny isledi.

Kabulhananyň golaýynda ýaşaýan amerikalylar wakalardan we Güleniň ol ýerde ýaşamagyndan biynjalyklygyny beýan etdiler. Pensilwaniýada ýaşaýan türkler bolsa ştatyň terror guramasynyň ýolbaşçysy bilen tanalmagyndan biynjalyk bolýandyklaryny nygtap, Güleniň Türkiýäniň gaýtarylyp berilmegini islediler.

FETÖ-niň ýolbaşçysy Gülen 10 gekdarlyk meýdanda gurlan 3 müň inedördül metrlik iki blokdan ybarat blan 3 gatly, ýokary amatlykly willada ýaşaýar. Willanyň öňünde nobata duran ýaragly ýörite howpsyzlyk işgärleri “Anadoly” habarlar gullugynyň habarçysyna “ybadathanany goraýandyklaryny” aýtdylar.

Desganyň ýol tarapyndaky derwezesine “Altyn nesil Çestnut düşelgesiniň Merkezi” diýlip ýazylan belginiň asylandygy we belginiň ýanyndaky agaja wideo kamera goýlandygy ünsleri çekdi.

Güleniň kabulhananyň öňünde soňky 15 günde ikinji protest ýörişi geçirildi.

7-nji awgust ýekşenbe güni bolsa paýtagt Waşingtonda geçiriljek demonstrasiýanyň terror ýolbaşçysy yzyna berilýänçä dowam etmegine garaşylýar.



Degişli Habarlar