FETÖ-nyň ýolbaşçysy Fetullah Gülen hakyndaky delolar giňişleýin barlanýar

“Guleniň yzyna berilmegi etaby kanunlaryň çäginde dowam eder we biz hem şol etaba sarpa goýarys”

540859
FETÖ-nyň ýolbaşçysy Fetullah Gülen hakyndaky delolar giňişleýin barlanýar

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy bilen Adalat ministrligi Fetullahçy terror guramasy FETÖ-nyň ýolbaşçysy Fetullah Gülen hakyndaky delolaryny giňişleýin barlaýar.

Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Jon Kirby gündelik metbugat ýygnagynda Güleniň yzyna berilmegi meselesinde alnyp barylýan işler hakynda maglumat berdi.

Kirby FETÖ-nyň agdarlyşyk synanşygyndan soň Güleniň yzyna berilmagi üçin Türkiýeden ugradylan delolaryň özlerine gelip gowşandygyny we delolaryň Adalat ministrligi tarapyndan barlanýandygyny aýtdy.

Kirby “Guleniň yzyna berilmegi etaby kanunlaryň çäginde dowam eder we biz hem şol etaba sarpa goýarys” diýdi.

Kirby Türkiýäniň Adalat ministri Bekir Bozdagyň we Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Fetullah Güleniň başga ýurda gaçyp biljekdigi hakyndaky duýduryşyndan soň “Amerikaly ýolbaşçylar Güleniň gaçmazlygy üçin çäre gördümi?” diýlen soraga “Melese bilen Adalat ministrligi ýakyndan gyzyklanýandygy üçin men bu meselede garaýyş beýan edip bilmerin” diýip jogap berdi.

Amerikanyň Adalat ministrliginiň metbugat geňeşçilerinden Peter Karr hem Anadoly habarlar gullugynyň FETÖ-nyň ýolbaşçysy Fetullah Gülen Amerikadan gaçyp bilermi? diýlen soraga jogap bermek islemedi.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar