Agdarlyşyk synanşygyna dünýäniň çar tarapynda garşylyk görkezilýär

“Yrakly türkmenler hökmünde bu synanşygy berk ýazgarýarys"

536222
Agdarlyşyk synanşygyna dünýäniň çar tarapynda garşylyk görkezilýär
paris fetö protesto.jpg

FETÖ tarapyndan guralan harby agdarlyşyk synanşygyna dünýäniň çar tarapynda garşylyk görkezilýär.

Kanadanyň, Fransiýanyň we Makedoniýanyň paýtagtynda guralan ýörişlerde agdarlyşyk synanşygy ýazgaryldy.

Kanadanyň Toronto şäherinde ýurtlaryndan 10 müň kilometr alysda bolan ýüzlerçe türk raýaty ellerinde baýdaklary bilen agdarlyşyk synanşygyny nälätledi.

Türkiýäniň Torontodaky Baş konsullygynyň öňünde guralan ýörişde agdarlyşyga garşy şygarlar aýdyldy.

Fransiýanyň paýtagty Parižde hem harby agdarlyşyk synanşygyna garşy ýöriş guraldy.

Eýfel minarasynyň golaýyndaky Trokadero meýdanynda guralan ýörişe türk we fransuz raýatlary gatnaşdy.

Ýöriş Türkiýäniň garaşsyzlyk mukamynyň ýerine ýetirilmegi bilen başlady we ýörişde “Şehitler ölmez, watan bölünmez”, “Ölüm jezasy gaýtadan dikeldilsin”, “Ýok bolsun FETÖ”, “Hemme zat watan üçin” diýlen şygarlar aýdyldy.

Makedoniýanyň paýtagty Skopiýada hem FETÖ-nyň agdarlyşyk synanşygyna berk garşylyk görkezildi.

Türkiýäniň Makedoniýadaky ilçihanasynyň öňünde jemlenşen makedoniýaly türkler, Türkiýede milli ygtyýara hiç kimiň garşy çykyp bilmejekdigini nygtadylar.

Yragyň Erbil şäherinde hem Yrak Türkmen frontonyň öňünde jemlenşen türkmenler Türkiýedäki harby agdarlyşyk synanşygyny hyýanatçylykly hüjüm hökmünde häsiýetlendirdi.

Yrak Türkmen frontynyň  Erbil halk deputaty Aýdyn Maruf, “Yrakly türkmenler hökmünde bu synanşygy berk ýazgarýarys. Demokratiýa nobatyny dowam etdirýän doganlarymyza goldaw berýändigimizi nygtamak isleýärin” diýdi.

 



Degişli Habarlar