FETÖ-nyň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň gaýtarlyp berilmegi etaby kanunlaryň çäginde alnyp barylar

Barak Obama Türkiýänin demokratiýa arkaly saýlanan hökümetine goldaw berýändigini nygtady

535649
FETÖ-nyň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň gaýtarlyp berilmegi etaby kanunlaryň çäginde alnyp barylar

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama Fetullahçy terror guramasynyň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň gaýtarlyp berilmegi etabynda özüniň karar kabul edip bilmejekdigini etabyň kanunlaryň we şertnamalaryň çäginde alnyp baryljakdygyny nygtady.

Barak Obama Ak Tamda metbugata beren baýatynda FETÖ-niň 15-nji iýulda Türkiýedäki harby agdarlyşyk synanşygy we FETÖ-niň ýolbaşçysy Güleniň gaýtarlyp berilmegi hakynda hem durup geçdi.

Fetullahçy terror guramasynyň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň gaýtarlyp berilmegi etabynyň kanunlara laýyklykda alnyp baryljakdygyny aýdan Obama, Güleniň harby agdarlyşyk synanşygy bilen arabaglanşygynyň bolup bolmandygy hakyndaky ähli garaýyşlaryň ünslilik bilen derňeljekdigini nygtady.

Barak Obama Türkiýänin demokratiýa arkaly saýlanan hökümetine goldaw berýändigini nygtady.

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama türk halkynyň syýasy garaýşyna garamazdan agdarlyşyk synanşygyna garşy alyp baran tutanýerli tutumy hakynda öwgüli sözler aýtdy.



Degişli Habarlar