BMG-nyň öňünde FETÖ-nyň harby agdarlyşyk synanşygyna garşy ýöriş guraldy

Agdarlyşyk synanşygy nälätlendi

535768
BMG-nyň  öňünde FETÖ-nyň  harby agdarlyşyk synanşygyna garşy ýöriş guraldy

BMG-nyň Ženewaky merkeziniň öňünde FETÖ-nyň 15-nji iýulda Türkiýede guran harby agdarlyşyk synanşygyna garşy ýöriş guraldy.

BMG-nyň Ženewaky merkeziniň öňünde ýagan ýagyşa garamazdan 500-e golaý türk, alban, türkmen, siriýaly, kosowaly, somalili we alžirli milli ygtyýara, Prezident R. T. Erdogana hökümetine we TBMM-ne goldaw berýän, agdarlyşyk synanşygyny bolsa nälätleýän şygarlar aýtdylar.

Ýörişe Türkiýäniň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili baş ilçi Mehmet Ferden Çarykçy, Türkiýäniň Ženewadaky baş konsuly Hüseýin Barbaros Dijle we Ýewropa türk demokratlar bileleşiginiň Şweýsariýa boýunça başlygy Murat Şahin hem gatnaşdy.

 



Degişli Habarlar