Ýemeniň Taiz şäherinde çaknyşyk boldy

Soňky çaknyşyklarda 24 adam ýogaldy

530953
Ýemeniň Taiz şäherinde çaknyşyk boldy

Ýemeniň merkezinde ýerleşýän Taiz şäherinde hökümete degişli güýçler bilen Husileriň arasynda ýüze çykan soňky çaknyşyklarda 24 adam ýogaldy, 32 adam ýaralandy.

Prezident Abdurabbu Mansur Hadini goldaýan Halkyň garşylyk güýji tarapyndan berilen beýanatda Taiz şäheriniň Jebel Sabr etrabynda bolan çaknyşyklarda Husilerden we Salihlerden 22 adamyň, Halkyň garşylyk güýjinden bolsa 2 adamyň ýogalandygy mälim edilýär.

Beýanatda mundan başgada Halkyň garşylyk güýjinden 9 adamyň we Husilerden 23 adamyň ýaralanandygy habar berilýär.

Beýleki tarapdan Husiler bilen Salihiň tarapdarlary düýn agşam ýurduň günorta-günbataryndaky Halkyň garşylyk güýjiniň gözegçilik astyndaky pozisiýalaryna raketa bilen hüjüm guradylar.



Degişli Habarlar