Owganystanda terror guramasy DAEŞ-e garşy operasiýa geçirildi

Berilen beýanatda operasiýalarda howpsyzlyk güýjinden 2 esgeriň ýogalandygy habar berildi

526601
Owganystanda terror guramasy DAEŞ-e garşy operasiýa geçirildi

 

Owganystanyň Nangarhar welaýatynda terror guramasy DAEŞ-e garşy geçirilen operasiýada guramanyň 31 agzasy öldürildi.

Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda ýurduň gündogaryndaky Nangarhar welaýatynyň Kot etrabynda DAEŞ-e garşy operasiýanyň depgininiň güýçlendirilendigi bellenýär.

Soňky 24 sagatda howadan we gury ýerden guralan operasiýalarda guramanyň 2 agzasynyň hem ýaralanandygy beýanatda mälim edilýär.

Beýleki tarapdan bolsa soňky 24 sagatda ýurduň tapawutly welaýatlarynda Talibana garşy geçirilen operasiýalarda guramanyň 8 agzasy öldürildi, köp mukdarda ýarag we ok-däri ele salyndy.

Berilen beýanatda operasiýalarda howpsyzlyk güýjinden 2 esgeriň ýogalandygy habar berildi.



Degişli Habarlar