Singapur howa ýollaryna degişli uçarda ýangyn ýüze çykdy

Singapur howa ýollaryna degişli uçarda Çangi howa menziline gyssagly gonanyndan soň ýangyn ýüze çykandygy mälim boldy

518973
Singapur howa ýollaryna degişli uçarda ýangyn ýüze çykdy

Italiýanyň Milan şäherine gitmek üçin ýola çykan Boeing 777-300ER kysymly uçar uçanyndan 2 sagat soň tehniki näsazlyk sebäpli Çangi howa menziline gaýdyp geldi.

Dwigatelindäki ýangyjyň syzmagy sebäpli Çangi howa menziline gyssagly gonan uçarda ýangyn boldy.

Uçardaky 222 ýolagçya we 19 adamlyk ekipaža zeper ýetmedi.

Çangi howa menziliniň ýolbaşçylary ýangyn söndürijileriň ýangyny 10 minutda söndürendigini habar berdiler.



Degişli Habarlar