Bileleşigi esaslandyryjy 6 ýurduň daşary işler ministri Berlinde duşuşdy

Britaniýanyň ÝB-ne agzalykdan çykmak baradaky kararyndan soň Bileleşigi esaslandyryjy 6 ýurduň daşary işler ministri Germaniýanyň paýtagty Berlinde duşuşdy

518115
Bileleşigi esaslandyryjy 6 ýurduň daşary işler ministri Berlinde duşuşdy

Germaniýanyň, Fransiýanyň, Gollandiýanyň, İtaliýanyň, Belgiýanyň we Lüksemburgyň daşary işler ministri Britaniýanyň ÝB-den çykmagy üçin geçirlen referendumyň netijesini ara alyp maslahatlaşmak üçin Berlinde duşuşdy.

Germaniýanyň Daşary işler ministri Şteinmeier duşuşygyň öňüsyrasynda beren beýanatynda iňlisleriň beren kararyndan soň parasatly çemeleşilmelidigini nygtady.

Şteinmeier “Dowla düşmeli däl. Hemme zadyň jogaby taýar ýaly hereket edip bilmeris. Britaniýanyň kararyndan soň göwnü çökgünlik edip hereketsiz oturyp bilmeris”diýdi.

Şu gün ähli meseläni ara alyp maslahatlaşjakdyklaryny aýdan Germaniýanyň Daşary işler ministri ÝB-de galan ýurtlaryň, Britaniýanyň kararyndan soň Ýewropanyň has güýçlidigini görkezmek üçin tagalla etjekdigini belledi.

Şteinmeier ynsanlaryň bosgunlar, göç, ýaşlaryň iş mümkinçiligi we howpsyzlyk ýaly ugurlarda jogaba garaşýandygyny we ýokary ady agzalýan meseleleriň çözülmegi üçin tagalla edilmelidigini nygtady.

ÝB-ne agza käbir ýurtlaryň Bileleşigi esaslandyryjy 6 ýurduň daşary işler ministriniň bu ýagdaýda duşuşmagy hakyndaky tankydy belliklere hem jogap beren Şteinmeier, Lüksemburda düýn ÝB-ne agza 28 ýurduň daşary işler ministriniň maslahat geçirendigini, geljekde hem ýene-de kärdeşleri bilen duşuşyklarynyň dowam etjekdigini, Federal Kansler Angela Merkeliň hem duşenbe güni Fransiýanyň Prezidenti Fransua Oland we İtaliýanyň Premýer ministri Matteo Renzi bilen duşuşjakdygyny ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar