“Türkiýe terrora garşy göreş kanunyna hiç hili üýtgetme girizmez”

ÝB-niň Türkiýäniň terrora garşy göreş kanunyna üýtgetme girizmegi hakyndaky çagyryşyna ÝB ministri Ömer Çelik anyk jogap berdi

515902
“Türkiýe terrora garşy göreş kanunyna hiç hili üýtgetme girizmez”

Ömek Çelik “Türkiýe terrora garşy göreş kanunyna hiç hili üýtgetme girizmez”diýdi.

Ömer Çelik Rimde Italiýanyň Daşary işler ministri Paolo Gentiloni bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat berdi.

ÝB ministri Çelik “Türkiýäniň howpsyzlygy ÝB-niň howpsyzlygydyr. Biz terrora garşy göreş kanunymyza hiç hili üýtgetme girizmeris”diýdi.

Ömer Çeligiň gün tertibinde Türkiýäniň raýatlarynyň ÝB-ne agza ýurtlaryna wizasyz syýahat etmegi meselesi esasy orun eýeledi.

Türkiýäniň daş-töwereginde howplaryň we durnuksyzlyklaryň dowam edýändigini aýdan Çelik “Howplara we durnuksyzlyklara garşy has güýçli ýagdaýa gelmegimiz üçin wiza erkinligi ýaly meselelerimizi çözmelidiris”diýdi.

Italiýanyň Daşary işler ministri Paolo Gentiloni hem Türkiýäniň ÝB-ne agzalygyna we wiza erkinligine Italiýanyň goldaw berýändigini belledi.



Degişli Habarlar