ÝB ministri Ömer Çelik Italiýada saparda

ÝB ministri we Türkiýäniň adyndan ÝB boýunça gepleşikleri alyp baryjy Ömer Çelik Italiýada saparda bolýar

515364
ÝB ministri Ömer Çelik Italiýada saparda

Ömer Çelik saparynyň çäginde Türkiýe-Italiýa we Türkiýe-ÝB gatnaşyklary, bosgun dolanşygy, wiza erkinligi we terrora garşy göreş ýaly meseleleri gün tertibe getirer.

Çelik ilki bilen Italiýanyň Daşary işler ministri Paolo Gentiloni bilen duşuşar.

Liderler duşuşykdan soň umumy metbugat ýygnagy geçirerler.

Ömer Çelik saparynyň 2-nji gününde bolsa Daşary işler senaty we ÝB syýasatlarynyň komissiýalary bilen maslahat geçirer.

Režissýor Ferzan Özpetek bilen hem duşuşjak ÝB ministri Çelik Italiýanyň La Stampa gezedine interwýu berer.



Degişli Habarlar