Halapdaky we Münbiçdäki çaknyşyklar artdy

Asada bagly güýçler oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky etrapçalara barrel bombasy bilen howa hüjümini guraýar

513921
Halapdaky we Münbiçdäki çaknyşyklar artdy

Asada bagly güýçler agyr ýitgilerden soň Halapy Damask bilen birleşdirýän gara ýolunyň ugrundaky strategik taýdan wajyp 3 obanyň gözegçiligini oppozisionerlere aldyrdy.

Terror guramasy DAEŞ-iň gözegçiligi astyndaky Münbiçde bolsa Siriýanyň demokratik güýçler şähere günbatardan girmäge başlady.

Siriýanyň demokratik güýçlerine Amerikan güýçler howadan goldaw berýär. Şäheriň merkezinde asuda ilatdan müňlerçe adam kyn ýagdaýda galdy.

Halapa bolsa düýnden bäri ençeme bomba atyldy.

Asada bagly güýçler oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky etrapçalara barrel bombasy bilen hüjüm guraýar.



Degişli Habarlar