Ýewropa Geňeşi Stambulda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Ýewropa Geňeşiniň Parlamentarlar mejlisi türk halkyna we hökümetne we hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç bildirdi

505829
Ýewropa Geňeşi Stambulda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Ýewropa Geňeşiniň Parlamentarlar mejlisi Stambulda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy.

Ýewropa Geňeşiniň Parlamentarlar mejlisi tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda, resmi sapar bilen Ankara gelen Ýewropa Geňeşiniň Parlamentarlar mejlisiniň başlygy Pedro Agramuntyň Premýer ministr Binaly Ýyldyrym bilen duşandygy we duşuşykda mahaly hüjüm habarynyň gelip gowşandygy nygtaldy.

Agramunt duşuşykda Beýazit meýdanynyň golaýynda guralan hüjümi berk ýazgardy we Ýewropa Geňeşiniň Parlamentarlar mejlisi hökmünde türk halkyna we hökümetne we hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç bildirdi.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew hem Stambulda guralan terrorçylykly hüjüm sebäpli Prezident Erdogana duýgudaşlyk bildirdi.

Prezident Aliýew duýgudaşlyk ýüzlenmesinde Stambulda guralan terrorçylykly hüjüme Azerbaýjanyň uly gynanç bildirýändigini nygtady.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen beýanatda bolsa hüjüm berk ýazgaryldy we türk halkyna duýgudaşlyk bildirildi.

Kataryň hökümeti hem Stambulda guralan bombaly hüjümi ýazgardy.

Kataryň Daşary işler ministrliginiň resmi habarlar gullugy ONA-da berlen beýanatda, Kataryň Türkiýe Respublikasyna goldaw berýändigi nygtaldy.

Beýanatda “Stambulda şu gün irden guralan bombaly hüjümi berk ýazgarýarys. Türkiýäniň howpsyzlygyna we durnuklylygyna uly ähmiýet berýäris” diýildi.

 

 

 



Degişli Habarlar