Fikri Yşyk ilkinji resmi daşary ýurt saparyny doganlyk ýurt Pakistana gurady

Milli Goranmak ministri Fikri Yşyk ilkinji resmi daşary ýurt saparyny doganlyk ýurt Pakistana gurady

503684
Fikri Yşyk ilkinji resmi daşary ýurt saparyny doganlyk ýurt Pakistana gurady

Milli Goranmak ministri Fikri Yşyk saparynyň çäginde Pakistanyň Prezidenti Menun Hüseýin tarapyndan kabul edildi.

Pakistanyň Prezidenti Memnun Hüseýin Türkiýede başdan geçirilýän terrorçylykly hüjümlere gynanç bildirdi.

Milli Goranmak ministri Fikri Yşyk Pakistanly kärdeşi Hažawa Asyf bilen duşuşygynda Türkiýe bilen Pakistanyň arasynda goranyş senagaty pudagynda ediljek hyzmatdaşlyk hakynda pikir alyşdy.

Pakistanyň Baş ştabynyň başlygy Raşid Mahmud bilen hem duşuşan ministr Fikri Yşyk Pakistana guran saparynyň netijeli geçendigini belledi.

Pakistanyň Baş ştabynyň başlygy Raşid Mahmud Türkiýe bilen Pakistanyň arasynda goranyş pudagynda edilýän hyzmatdaşlygyň gün saýyn pugtalanýandygyny aýtdy.



Degişli Habarlar