Fallujany yzyna almak üçin operasiýalar dowam edýär

Yragyň günbataryndaky Anbar welaýatynyň Falluja şäherini DAEŞ-den yzyna almak üçin başladylan operasiýa dowam edýär

498198
Fallujany yzyna almak üçin operasiýalar dowam edýär

23-nji maýda başladylan bilelikdäki operasiýa Yragyň harby güýçleri, polis guramasyna degişli güýçler, şaýy söweşijilerden emele gelýän Haşdi Şabi we sünni taýpalarynyň ýaragly güýçleri gatnaşýar.

ABŞ-nyň öňbaşçylyk etmegindäki halkara hyzmatdaşlygyna degişli güýçleriň harby uçarlary hem yrakly güýçlere goldaw berýär.

DAEŞ-e garşy halkara hyzmatdaşlygynyň metbugat geňeşçisi Stiw Warren Bagdatda geçiren metbugat ýygnagynda hyzmatdaş güýçlerine degişli uçarlaryň DEŞ-iň Fallujadaky ýerlerine 30 hüjüm gurandygyny aýtdy.

Warren yrakly güýçlerin golaýda 5 kilometr alysdaky Fallujanyň şäher merkezine girjekdigini mälim etdi.

Stiw Warren şol güýçleriň hatarynda sünni taýpalaryndan 4 müň adamyň boljakdygyny nygtady.

Yragyň hökümeti Fallujany alyp, soň bolsa DAEŞ-in ýurtdaky esasy merkezi bolan Mosuly halas etmegi maksat edinýär.



Degişli Habarlar