Siriýada DAEŞ-e garşy täze front açyldy

Terror guramasy DAEŞ-e garşy Yrakdan soň indi bolsa Siriýada täze bir frontyň açylandygy mälim boldy

496973
Siriýada DAEŞ-e garşy täze front açyldy

DAEŞ-e garşy Siriýanyň Rakka şäherinde uly bir operasiýa başladyldy.

Operasiýanyň çäginde ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçleriniň uçarlary şäheriň daş-töweregindäki liniýalary bombalaýar.

Demokratik Siriýa güýçleriniň ýolbaşçylygynda üç aýry ýerden başladylan gury ýer operasiýasyna 12 müň oppozisioner gatnaşýar.

Rakka şäheriniň ýaşaýjylarynyň Deýraz-Zora tarap gaçmaga başlandygy habar berilýär.

Siriýanyň iň uly 3-nji şäheri bolan Rakka şäheri 2,5 ýyl bäri terror guramasy DAEŞ-iň gözegçiligi astyndady.



Degişli Habarlar