Asada bagly güýçler wakuum bombasy bilen hüjüm gurady

Wakada jemi 11 adam ýogaldy

494138
Asada bagly güýçler wakuum bombasy bilen hüjüm gurady

Siriýada Asada bagly güýçlere degişli harby uçaryň ýurduň merkezi sebitinde ýerleşýän we oppozisionerleriň gözegçiligi astynda bolan Homsyň Hula etrabyna wakuum bombasy bilen hüjüm guramagy netijesinde 4-si çaga bolan 11 adam ýogaldy.

Hüjümde şeýlede hem onlarça adam ýaralandy.

Ýaralanan adamlar göçme hassahanasynda bejergi astyna alyndy.

Düýn Homsyň Rastan etrabyna guralan howa hüjüminde hem 3-si çaga bolan 7 adam ýogalypdy, 20 adam ýaralanypdy.

Eýýäm ençeme wagt bäri Asada bagly güýçleriň howadan we gury ýerden edýän hüjümlerine sezewar bolýan Hulada elektrik toklar we suwlar kesik.

Siriýada 5 ýyl bäri dowam edýän içerki söweş 270müň adamyň ýogalmagyna sebäp boldy.


Etiketkalar: #Siriýa , #Homs , #Rastan , #Hula

Degişli Habarlar