Pars aýlagy ýurtlaryň hyzmatdaşlyk geňeşi Eýranyň tutumyny ýazgardy

Pars aýlagy ýurtlaryň hyzmatdaşlyk geňeşi resmi Tähranyň haç we umra ybadatlaryny politizirlemek isleýän hereketlerini ýazgardy

490551
Pars aýlagy ýurtlaryň hyzmatdaşlyk geňeşi Eýranyň tutumyny ýazgardy

Saud Arabystanynyň habarlar gullugy SPA Pars aýlagy ýurtlaryň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary Abdullatif Az-Zeýýaniniň beren beýanatynda geňeşiň Eýranyň şu ýylky haç möwsümini geçirmek üçin taýarlanan ylalaşyga gol çekmän, haç parzyny politizirleýän pozisiýasyny ýazgarandygyny aýdandygyny belledi.

Zeýýani eýranly resmileri hajyň diniň mukaddes parzydygyny we syýasy düşünişmezçiliklerde ulanylmaly däldigini düşünmäge çagyrdy.

Eýranly hajylaryň haç ybadatlaryny ýerine ýetirip bilmekleri üçin Eýrandaky resmileriň Saud Arabystan hökümeti bilen hyzmatdaşlyk etmegini isleýän Zeýýani Saud Arabystanyň haç we umra ybadatlarynyň ýerine ýetirilmeginde edýän tagallalary örän bellärliklidigini nygtady.

Saud Arabystanynyň Haç we umra ministrligi düýn beren beýanatynda eýranly haç we umra ybadatlaryna päsgelçilik berilýändigi baradaky habarlaryň nädogrydygyny belläpdi.

Ministrlik her ýyl haç bilen baglanşykly işleri ara alyp maslahatlaşmak üçin aralarynda Eýran hem bolan 78 ýurduň resmilerine çakylyk ugradylýandygyny, takmynan 1 aý ozal Eýranyň haç işleri wekiliýeti bilen görüşip haç bilen baglanşykly ähli meseleleri gepleşendiklerini habar berdi.



Degişli Habarlar