Owganystanda polisiýanyň tälim merkezine bombaly hüjüm

Wakada polisiýa gullugynyň 3 işgäri ýogaldy

490615
Owganystanda polisiýanyň tälim merkezine bombaly hüjüm

Owganystanyň günortasyndaky Helmand şäherinde polsiýanyň tälim merkezine bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde 3 polisiýa işgäri ýogaldy.

Helmandyň gubernatorlygynyň metbugat geňeşçisi Ömer Zwak Nad Ali etrabyndaky hüjümde 1-i çaga bolan 12 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Zwak ýaralanan adamlaryň käbirleriniň ýagdaýynyň agyrdygyny habar berdi.

Zwak hüjümiň netijesinde polisiýanyň tälim merkeziniň binasyna hem uly zeper ýetendigini belledi.

Hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan Talibanyň metbugat geňeşçisi Zabiullah Müjahid polisiýanyň tälim merkezinde onlarça polisiýanyň ölendigini öňe sürdi.



Degişli Habarlar