Owganystanda bomba ýüklenen ulag bilen hüjüm

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok

488407
Owganystanda bomba ýüklenen ulag bilen hüjüm

Owganystanda bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde 2-si çaga bolan 10 adam ýogaldy, 23 adam ýaralandy.

Hüjüm Nangarhar şäheriniň Nazýan etrabynda ýerli polisiýa gullugynyň serkerdesiniň öýüniň öňünde guraldy.

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok.

Beýleki tarapdan bolsa ýurduň demirgazygynda Talibana garşy operasiýalar dowam edýär.

NATO güýçlerine degişli uçarmansyz howa ulagy bilen Kunduz welaýatynda guralan howa hüjüminde Talibana agza 12 terrorçy öldürildi.

Ölenleriň arasynda guramanyň sebitdäki wajyp serkerdesi Mesafiriň hem bardygy mälim edildi.

Hüjümde 3 sany ok-däri ammary we guramanyň agzalary tarapyndan ulanylan ulaglar ýok edildi.



Degişli Habarlar