Gilaniniň 3 ýyl ozal zamun alynan ogly halas edildi

Ali Haýdar Gilani owgan we amerikan güýçleri tarapyndan guralan operasiýada halas edildi

487956
Gilaniniň 3 ýyl ozal zamun alynan ogly halas edildi

Pakistanyň ozalky Premýer ministri Ýusuf Ryza Gilaniniň Taliban tarapyndan 3 ýyl ozal zamun alynan ogly Ali Haýdar Gilani Owganystanda guralan operasiýada halas edildi.

Pakistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen beýanatda Ali Haýdar Gilaniniň owgan we amerikan güýçleri tarapyndan guralan operasiýada halas edilendigi nygtaldy.

30 ýaşyndaky Ali Haýdar Gilani 2013-nji ýylyň maý aýynda Multan şäherinde saýlaw kampaniýasyny geçirýärkä Taliban tarapyndan zamun alnypdy.

 


Etiketkalar: #zamun almak , #boşadylmak

Degişli Habarlar