Talibana garşy guran operasiýasynda 35 terrorçy öldürildi

Operasiýada 40 terrorçy ýaralandy, 15 terrorçy bolsa tussag edildi

487773
Talibana garşy guran operasiýasynda 35 terrorçy öldürildi

Owganystanyň demirgazygyndaky Jewizjan welaýatynda Prezidentiň birinji orunbasary Raşid Dostumyň terror guramasy Talibana garşy guran operasiýasynda 35 terrorçy öldürildi.

Operasiýada 40 terrorçy ýaralandy, 15 terrorçy bolsa tussag edildi.

Raşit Dostum operasiýadan soň beren beýanatynda 40 obanyň terrorçylardan saplanandygyny aýtdy.

Raşid Dostum terror guramasyndan yzyna alynan obalarda goşmaça harby gözegçilik merkezleriniň döredilendigini we operasiýalaryň dowam edýändigini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar