Siriýa Arap parahatçylyk güýjüniň ugradylmagy çagyryşy berildi

Arap parlamenti Halap şäherinde başdan geçirilýän wakalary ara alyp maslahatlaşmak üçin jemlenişdi

487619
Siriýa Arap parahatçylyk güýjüniň ugradylmagy çagyryşy berildi

Arap Parlamenti Siriýa Arap parahatçylyk güýjüniň ugradylmagy çagyryşyny berdi.

Arap Parlamanetiniň milli howpsyzlyk, syýasat we daşary işler komissiýasy Arap Ligasynyň Müsüriň paýtagty Kairdäki merkezi binasynda Siriýanyň Halap şäherinde başdan geçirilýän wakalary ara alyp maslahatlaşmak üçin jemlenişdi.

Maslahatdan soň beýanat beren Arap Parlamentiniň başlygy Ahmed bin Muhammed Al Jerewan, “Ylalaşygyň dowam etmegi, şäherlerdäki gabawyň ortadan aýrylmagy, halka ynsanperwer kömeginiň berilmegi üçin Siriýa Arap parahatçylyk güýjüniň ugradylmagy çagyryşyny berýäris” diýdi.

 


Etiketkalar: #Arap ligasy , #çagyryş

Degişli Habarlar