Fransiýada prezident saýlawy üçin ilkinji gezek garaýagyz syýasatçy dalaşgärlige hödürlener

“Saýlawlarda kiçi ýada uly dalaşgär ýok"

484805
Fransiýada prezident saýlawy üçin ilkinji gezek garaýagyz syýasatçy dalaşgärlige hödürlener

Fransiýada prezident saýlawy üçin ilkinji gezek garaýagyz syýasatçy dalaşgärlige hödürlener

Nikolas Sarkoziniň prezidentligi döwründe Daşary işler, Adam hukuklary we Sport ministri wezipelerini ýerine ýetiren Senegalda doglan musulman asylly Rama Ýade, geljek ýyl geçiriljek prezident saýlawyna dalaşgärdigini aýtdy.

Rama Ýade BMG radiosyna beren beýanatynda “Saýlawlarda kiçi ýada uly dalaşgär ýok” diýdi.

Birnäçe wagtdan bäri saýlaw üçin taýarlyk görýändigini aýdan Ýade, Fransiýada jemgyýetiň radikallaşandygyny belledi.

Rama Ýade “halky ýaňadandan gurmalydyrys” diýdi.

Ýade dalaşgärlik üçin häzire çenli 50 müň agzanyň özüne goldaw berendigini ýatlatdy.

Fransiýada prezident saýlawynyň birinji tapgyry 2017-nji ýylyň 23-nji aprelinde, ikinji tapgyry bolsa 7-nji maýda geçirler.

 


Etiketkalar: #saýlaw , #dalaşgär

Degişli Habarlar