Asada bagly güýçler çadyr şäherçäni nyşana aldy

Ýogalanlaryň aglabasy çaga

485282
Asada bagly güýçler çadyr şäherçäni nyşana aldy

Siriýanyň Ýaragly güýçlerine degişli harby uçaryň Idlibiň Sarmada şäherçesiniň golaýyndaky Kamune çadyr şäherçesine guran howa hüjüminde 27 adam ýogaldy.

Ýogalanlaryň aglabasy çagalar bolan hüjümde onlarça çadyr ulanyp bolmajak ýagdaýa geldi.

Çadyr şäherçede Asada bagly güýçleriň Halap, Idlib we Latakiýa sebitlerinde oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky ýerlere guran hüjümlerinden gaçan adamlar ýaşaýardy.

ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we Howpsyzlyk syýasaty boýunça ýolbaşçysy Federika Mogerini we ÝB-niň Ynsanperwer goldaw we krizislerden jogapkär agzasy Kristos Stylianides Kamune çadyr şäherçesiniň nyşana alynmagy bilen baglanşykly umumy ýazmaça beýanat berdiler.

ÝB-niň Siriýanyň halkyna goldaw bermäge dowam etjekdigi bellenen beýanatda: “Bular ýaly hüjümler içerki söweşiň bes edilmegi üçin ylalaşygyň gyssaglylygynyň wajypdygyny görkezýär. Halkara jemgyýet bilen arkalaşyp hereket edilmegiň we etabyň ýaňadandan ýola goýulmagyň wagtydyr” diýilýär.

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Joş Ernst gündelik metbugat brifinginde Asada bagly güýçler tarapyndan hüjüm guralan çadyr şäherçe bilen baglanşykly: “Hüjümlerden gaçyp öýlerini terk eden bigünä adamlara garşy guralan howa hüjümler hiç bir ýagdaýda aklanyp bilinmez” diýdi.

Asad Halapda ylalaşyga garamazdan hüjümlerini dowam etdirýär.

Asada bagly güýçlere degişli dik uçaryň Halapyň günortasyndaky oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky Zerbe etrabynyň Um Karamil obasyna barrel bombasy bilen guran hüjüminde 12 adam ýogaldy, 15 adam ýaralandy.

Beýleki tarapdan Britaniýa tarapyndan taýarlanyp BMG agza ýurtlaryň dykgatyna hödürlenen beýannama Russiýanyň garşy çykmagy sebäpli kabul edilmedi.



Degişli Habarlar