Russiýa ýylyň ahyryna çenli üç sany harby topar döreder

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu NATO-nyň Russiýanyň golaýyndaky harby güýçlerini artdyrmagyna garşy ýylyň ahyryna çenli üç sany täze harby topar döretjekdigini aýtdy

484245
Russiýa ýylyň ahyryna çenli üç sany harby topar döreder

Moskwada geçirilen maslahatlardan birinde çykyş eden Şoýgu: “Goranmak ministrligi NATO-nyň Russiýanyň serhedine ýakyn ýurtlarda harby güýjüni artdyrmagyna garşy durmak üçin çäreler görýär. Ýylyň ahyryna çenli ikisi günbatarda, biri günorta harby zolakda jemi üç sany harby topar dörediler” diýdi.

Rus metbugatynda çykan habarlara görä täze harby toparlar Rostow, Smolensk we Woronež şäherlerine ornaşdyrylar.

Şol harby toparlaryň her birinde 10 müň esger bolar.

Beýleki tarapdan ABŞ iň kämil iki harby uçaryny Litwa ugradypdy. Litwa Russiýanyň Krymy anneksiýasyndan soň NATO-dan ýüz öwürdiji güýç hökmünde territoriýasynda ornaşdyrmak üçin 5 müň esger sorapdy.

Russiýa we NATO soňky döwürde harby türgenleşiklerini artdyryp, iki taraply güýç görkezýär.

Baltika we Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň aýyplamalaryna garamazdan resmi Moskwa şol ýurtlary basyp almak niýetiniň bolmandygyny beýan edýär.



Degişli Habarlar