Arap Bileleşigi Siriýa üçin jemlendi

Arap Bileleşigi Siriýada Asada tabynlykdaky güýçler tarapyndan  Halap we onuň töwereginde asuda ilata garşy guralýan hüjümleri ýazgardy

484462
Arap Bileleşigi Siriýa üçin jemlendi

Kataryň çagyryşyna laýyklykda Arap Bileleşigi meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin adatdan daşary ýygnandy.

Bahreýniň ýolbaşçylygynda geçirilen maslahata Arap Bileleşiginiň Baş sekretary Nebil Al Arabi hem gatnaşdy.

Arap Bileleşiginiň Baş sekretarynyň orunbasary Ahmet Bin Hillu maslahatdan soň geçiren metbugat ýygnagynda maslahatda Siriýanyň hökümeti tarapyndan Halapda asuda ilata garşy guralýan hüjümleri ýazgarandyklaryny habar berdi.

Hüjümleriň halkara ylalaşyklara bap gelmeýändigini bellän Hillu: “BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşini Siriýanyň hökümetiniň ýurduň ähli ýerindäki hüjümlerini iň gysga wagtda bes etmegi üçin hereket etmäge we gerek bolan kararlary kabul etmäge çagyrýarys” diýdi.

Hillu hüjümlere ýoldaş bolan taraplaryň halkara kazyýetiň öňüne çykmagy üçin zerurlyklaryň ýerine ýetirilmegi üçin halkara jemgyýete çagyryş berdi.



Degişli Habarlar