Owganystanda Talibana agza 17 terrorçy boýun egdi

Häzire çenli 670 terrorçy boýun egdi

483245
Owganystanda Talibana agza 17 terrorçy boýun egdi

 

Owganystanyň demirgazygyndaky Jewizjan welaýatynda terror guramasy Talibana agza 17 terrorçy boýun egdi.

Welaýat häkimligi terrorçylaryň öz islegleri bilen ýaraglaryny taşlap howpsyzlyk güýçlerine boýun egendigini mälim etdi.

Welaýat häkimligi boýun egen terrorçylaryň işe ýerleşdiriljekdigini ýatlatdy.

Jewizjanyň Ýokary parahatçylyk geňeşi hem welaýatda häzire çenli 670 terrorçynyň boýun egendigini we şol sanyň ýokarlamagyna garaşylýandygyny belledi.

Ýokary parahatçylyk geňeşi parahatçylyk meýilnamasynyň çäginde ýaraglaryny taşlan terrorçylara maddy goldaw berýär we iş mümkinçiligini döredýär.

 


Etiketkalar: #Owganystan , #boýun egmek

Degişli Habarlar