Gollandiýa siriýaly bosgunlara ýer eýeçiligini edýän ýurtlara berýän maddy kömegini artdyrar

Türkiýä, Liwana we Yraga 2 ýylda 260 million ýewrolyk goşmaça kömek berler

483146
Gollandiýa siriýaly bosgunlara ýer eýeçiligini edýän ýurtlara berýän maddy kömegini artdyrar

Gollandiýa siriýaly bosgunlara ýer eýeçiligini edýän ýurtlara berýän maddy kömegiň artdyrylmagy hakynda karar kabul etdi.

Daşary söwda we galkynyş hyzmatdaşlygy ministri Lilianne Ploumen mejlisde halk deputatlaryna ýurdunyň siriýaly bosgunlar üçin berýän maddy kömegi hakynda maglumat berdi.

Ministr Ploumen Türkiýä, Liwana we Yraga 2 ýylda 260 million ýewrolyk goşmaça kömegiň beriljekdigini aýtdy.

Ady agzalýan kömegiň 90 million ýewrosynyň Türkiýä, 86 million ýewrosynyň Liwana, 60 million ýewrosynyň İordaniýa we 20 million ýewrosynyň hem Yraga berilmegi meýilleşdirilýär.

Ploumen beriljek kömegiň bosgunlaryň bilim we saglygy goraýyş ýaly esasy mätäçlikleriniň gidirilmegi bilen birlikde bosgunlaryň öziş ýerlerini açmagynyň göz öňünde tutulýandygyny nygtady.

Premýer ministr Mark Rutte bilen Liwanda saparda bolandygyny ýatladan Ploumen saparynyň çäginde bosgunlar bilen hem duşuşandygyny ýatlatdy.

 


Etiketkalar: #Gollandiýa , #kömek

Degişli Habarlar