Eýran daşary ýurtly işgärleriniň hossarlaryna raýatlyk berer

Eýran ýurduň içindäki ýa-da daşyndaky çaknyşyklarda heläk bolan daşary ýurtly işgärleriniň hossarlaryna raýatlyk berjekdigini mälim etdi

482753
Eýran daşary ýurtly işgärleriniň hossarlaryna raýatlyk berer

Eýranyň ýarym resmi “Tasnim” habarlar gullugyndan berilen habarda şu gün Mejlisde kabul edilen kanuna laýyklykda ýurduň içinde ýa-da daşynda bellenen wezipesiniň dowamynda “şehit” bolan daşary ýurtly işgärleriniň aýallaryna, çagalaryna, ene-atalaryna ýüz tutmaklaryndan başlap bir ýylyň dowamynda raýatlyk berjekdigi nygtalýar.

Kanun 1980-88-nji ýyllaryň arasyndaky Eýran-Yrak urşunda ýa-da şondan soň ýogalanlara degişli.

Resmi Tähran pakistanly we owganystanly köp sanly ýaragly söweşijini Ynkylap goragçylarynyň goşunynyň hatarynda Siriýada Başar Asada tabynlykdaky güýçleriň düzüminde söweşe ugradýar.

Günbataryň käbir media organlarynda çykan habarlarda Zeýbebiýýun we Fatimiýýun goşunlarynyň hatarynda söweşýän söweşijileriň raýatlyga kabul edilmek şerti bilen Siriýa ugradylandygy öňe sürülipdi.



Degişli Habarlar