Karter PKK bilen ÝPG-PÝD-niň arabaglanşyklydygyny ykrar etdi

ABŞ-nyň Goranmak ministri Eşton Karter terror guramasy PKK bilen Siriýadaky bölümleri bolan ÝPG-PÝD arasynda gatnaşygyň bardygyny ykrar etdi

480868
Karter PKK bilen ÝPG-PÝD-niň arabaglanşyklydygyny ykrar etdi

Döwlet sekretarlygy bolsa “PKK-ny daşary ýurt terror guramasy hökmünde ykrar edýäris. ÝPG-äni bolsa terror guramasy hökmünde ykrar etmeýäris” diýlen beýanat berildi.

Amerikanyň Senatynyň Ýaragly hyzmatlar komitetinde senatorlaryň soraglaryna jogap beren ministr Karter senator Lindseý Grahamyň: “Habarnamalar PÝD bilen ÝPG-niň PKK bilen arabaglanşykly ýa-da iň azyndan möhüm gatnaşyk edýandigini beýan eduýär. Bu dogrmy?” soragyna, “hawa” diýip jogap berdi.

Grahamyň PKK-nyň Türkiýe üçin terror guramasydygyny aýtmagyndan soň Karter: “PKK dine Türkiýäniň däl, eýsem ABŞ-nyň gözünde-de terror guramasydyr” diýdi.

Eşton Karter “Türkiýäniň Siriýada ÝPG-äni ýaraglandyrandygymyz üçin bize gaharly bolmagy siziň üçin geň galdyryjymy” diýen soragyna bolsa: “Ýok” diýip jogap berdi we Türkiýe bilen geňeşmeleriň dowam edýändigini aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat wekili Jon Kirbi bolsa resmi Waşingtonyň terror guramasy PKK we Siriýadaky bölümi PÝD baradaky syýasatlarynda haýsydyr bir özgerlişigiň bolmandygyny aýtdy.

Gündelik metbugat ýygnagynda PKK-ny daşary ýurt terror guramasy hökmünde ykrar edýändiklerini nygtan Kirbi: “ÝPG-äni bolsa terror guramasy hökmünde ykrar etmeýäris” diýdi.

Jon Kirbi DAEŞ-e garşy göreşýän toparlara berilýän kömegiň dowam etjekdigini we onuň diňe PÝD bilen çäkli bolmajakdygyny beýan etdi.



Degişli Habarlar